Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan Balkan welaýat kitaphanasynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýaşlara düşündirmek, şeýle hem ýaşlary kitaphanalara çekmek, ýaşlarda kitap okamaga bolan söýgini artdyrmak maksady bilen «Kitap — kämilligiň gözbaşy» ady bilen gezelenç çäresi geçirildi.
Gezelenjiň dowamynda berkararlygy binýat edinen eziz Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, şunda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işleriň aýratyn orun eýeleýändigini buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmagy, ylym öwrenmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegi ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Baýramgül ESENOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.