OKUW-USULY MASLAHAT

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiniň bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlarynyň arasynda okuw-usuly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Bilim bölüminiň başlygy 2024-2025-nji okuw ýylynda bilim işgärleriniň, zehinli okuwçylarynyň gazanan üstünlikleri hem-de ýurdumyzda ýaş hünärmenler üçin döredilýän mümkinçilikler, bilim ulgamynyň ösüşi dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler.

Şeýle hem, medeni köpçülikleýin çärelerine işjeň gatnaşyp, aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Güljemal BAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy

şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Öňki makala

SPORT BÄSLEŞIGI

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 15 okalan

OKUW-USULY MASLAHAT

14 Awgust 2025 | 59 okalan

SPORT BÄSLEŞIGI

14 Awgust 2025 | 42 okalan

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ SAÝRAK BILBILLERI