WAGTY NETIJELI ULANMAGYŇ 5 USULY (WAGTY DOLANDYRMAK)

Häzirki wagtda adamlaryň öňünde köp mümkinçilikler döreýär: bilim, döredijilik, iş, hyzmatdaşlyk, sport we beýlekiler. Ýöne ähli zady üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bir möhüm zat — wagty dogry we netijeli ulanmak, ýagny wagty dolandyrmak gerek.

Geliň, wagty netijeli ulanmagyň 5 esasy usulyna seredeliň:

1-nji usul. Gün tertibini düzmek — wagtyňyzy dolandyrmagyň ilkinji ädimi.

Günüň dowamynda nähili işleri ýerine ýetirmelidigiтi öňünden meýilleşdirmek sizi wagtyňyza zyýan etmekden goraýar. Säher bilen 10 minut wagt aýryp, “bu gün näme etmeli?” diýen soraga jogap tapmak size wagtyňyzy netijeli ulanmaga kömek edip biler.

2-nji usul. “Ileri tutulýan ugur” ýörelgesi – wajyp bilen ikinji derejeli işiň tapawudyny bilmek.

Käwagt işler kän bolýar, ýöne hemmesi birmeňzeş wajyp däl. Şonuň üçin işleriň arasynda tapawut goý. Ilki wajyp we gyssagly işleri ýerine ýetirip, soňra gyssagly däl, ýöne möhüm işleriňizi ediň.

3-nji usul. Italýanlardan gelip çykan “pomodoro” usuly. Ýagny, bu usul ünsüňi jemlemäge kömek edýär. Bu usul boýunça 25 minutlap diňe bir işe ünsi jemleýärsiň, soňra 5 minut dynç alýarsyň. Bu, beýniň ýadamagynyň öňüni alýar we has netijeli işlemäge mümkinçilik berýär.

4-nji usul. Sosial ulgamlara çäk goýmak. Sosial torlarda wagtyň nähili geçýänini duýman galýarys. Wagty netijeli ulanmak üçin günüň belli bir böleginde sosial ulgamlardan uzak durmaga çalyş. Munuň üçin “ähli bildirişleri öçür” tertibini ulanyp görmek maslahat berilýär.

5-nji usul. Dynç almagy unutmaň! Netijeli işlemek üçin beden we beýni dynç almaly. Dynç alyş wagty siziň energiýaňyzy dikeldýär. Wagtyňyzy dogry ulanyp bilseňiz, dynç almagyň hem hötdesinden gelersiňiz. Munuň üçin gijelerine wagtynda ýatyp, özüňize “dynç alyş” wagty bellemek size kömek edip biler.

Jemläp aýdanymyzda, wagty dogry dolandyrmak diňe iş ýa-da okuw üçin däl, eýsem durmuş hilini ýokarlandyrmak üçin hem möhüm endikdir. Her bir adam bu endigi öz durmuşyna girizse, üstünlik hem onuň yzyndan geler. Wagtyň gymmatyna düşünmek — üstünlikli geljegiň açarydyr!

Kakajan TÄÇGULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

başlygynyň orunbasarynyň w.w.ý.ý.

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 799 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 219 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL