BRIFING GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleri bilen «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi mynasybetli «Brifing» geçirildi.

Brifingiň dowamynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýändigini nygtap, bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertleriň döredilendigini bellediler. Soňky ýyllarda Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Bu günki gün pederlerimiziň «Myhman ataňdan uly», «Gelen – döwlet» diýen paýhasly jümlelerine eýermek bilen, ýurdumyza gelýän wekiller myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar bu çäreleriň çäklerinde geçirilen 7 sany forumlary, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, parlament forumy, hususy pudagyň forumy, raýat jemgyýetiniň forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy hem-de arabaglanyşyk boýunça çäre geçirildi diýip bellediler.

Bu geçirilen foruma döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurtlaryň, 50-ä golaý halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşandygyny, bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekiliniň uly hormat bilen gatnaşandygy barada uly buýsanç bilen bellediler.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy we hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda, ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna aýratyn üns berilýär. Muňa öňde ady agzalan maslahatyň çäklerinde 2025-nji ýylyň 4-5-nji awgustynda 32 döwletden wekilleriň gatnaşmagynda, Ýaşlar forumynyň guralmagyny mysal hökmünde görkezmek bolar hem-de bu forumyň dowamynda Ýaşlar jarnamasynyň gowşurylmagy aýratyn ähmiýetli pursatlar boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň guramagynda 10 ýyldan bir gezek geçirilýän bu halkara maslahat, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini gazanmak, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we bu ugurda gazanylan üstünlikleri seljermek üçin möhüm meýdança öwrüljekdigini bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwüren we ol çärelere türkmen ýaşlarynyň işjeň gatnaşmaklary üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Serdar GURBANMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam

we maglumat howpsyzlygy bölüminiň

baş hünärmeni.

Öňki makala

ARMYT BARADA

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 42 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL

15 Awgust 2025 | 32 okalan

BRIFING GEÇIRILDI

13 Awgust 2025 | 332 okalan

ARMYT BARADA