SAÝAWANLARYŇ DÖREÝIŞ TARYHY

Saýawana köpsanly halklaryň dilinde “zont” diýilýär. Bu söz bolsa niderlandlaryň “zonnedoek” , “zondek” diýen sözlerinden gelip çykyp, asylky manysy “Günden goranmak” diýmegi aňladýar. Şol sebäpden hem taryhy maglumatlara görä, ilkinji saýawanlar ýagyşdan däl-de, günden goranmak üçin döredilipdir. Soňlugy bilen bolsa saýawanlar kelläniň üstünde saklamak üçin niýetlenen hasa oturdylan demir simlerden ýasalan çarçuwanyň üstünde ýazylýan sintetik, suw geçirmeýän materialdan (neýlon, poliamid) ybarat bolupdyr. Gün şöhlesinden goraýjy ilkinji saýawanlar 4 müň ýyl mundan öň gadymy Müsürde peýda bolupdyr. Ilkibaşda olary ýönekeýje edip ýasapdyrlar. Ol iki gatdan ybarat bolup, ýokarsy palma agajynyň ýapragynda, ýagny, Günden goraýjy, aşaky gatlagy bolsa ýapraklary saklamak üçin tutawaç taýakdan durýar eken.

Biraz soňraky döwürde saýawan Hindistanda baýlygyň we güýç-kuwwatlylygyň nyşany hasaplanypdyr.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 27 okalan

SANLY BILIM MÜMKINÇILIKLERI

13 Awgust 2025 | 32 okalan

ARMYT BARADA

13 Awgust 2025 | 40 okalan

SAÝAWANLARYŇ DÖREÝIŞ TARYHY