«Ýaşlar syýasaty iş ýüzünde: Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin sebitleýin liderligi we strategik maýa goýumlary güýçlendirmek» atly ugurdaş çärede bolan gyzykly çekişmelerdir pikir alyşmalar günortanlyk naharyndan soňra “Nesilleriň arasyndaky tematiki dialog” atly sessiýada dowam etdi. Prezidiumda
edilen täsirli çykyşlardan soňra ýaşlaryň tejribeli bilermenler bilen sowal-jogap alyşmaklary üçin mümkinçilik döredildi.
Birnäçe tejribeli halkara bilermenleri özünde jemlän bu sessiýa Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaşlarynyň BMG-niň ýokary derejeli wekilleri bilen giňişleýin pikir alyşmaklary üçin interaktiw meýdança öwrüldi.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaşlarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny has-da ýokarlandyrmak bilen bagly pikir alyşmalar aýratyn täsirli boldy.