Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim almagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär.
Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Esasan hem, ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmegi, daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Daşary ýurtlaryň ösen tejribesini öwrenmekde, seljermekde, iň ygtybarlysyny durmuşa ornaşdyrmakda dil öwrenmäge uly orun degişlidir. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaş nesliň zehinini artdyrýar, onuň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Iň täze tehnologiýalardan baş çykarmak döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Ýaşlara berlen bilim olaryň bilim binýadynyň berkden bolmagyna kömek edýär.
Döwletgeldi BATYROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň başlygy.