«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA RAÝAT JEMGYÝETINIŇ FORUMY GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy geçirildi. 

Bu forum halkara guramalaryň, Türkmenistanyň hökümetiniň, BMG-niň degişli düzümleriniň, raýat jemgyýetleriniň hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň iň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Forum raýat jemgyýetine dünýä döwletleriniň we BMG-niň wekilleriniň tejribe alyşmagyna, täze başlangyçlary öňe sürmegine we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak üçin netijeli meýdança hökmünde çykyş etdi.

Forumyň dowamynda raýat jemgyýetiniň durnukly ösüşdäki orny, onuň kanunçylyk, syýasat we halkara başlangyçlary goldamak babatdaky işjeňligi, şeýle hem ykdysady we ekologik ugurlarda öňdebaryjy tejribe alyşmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Bu forumyň geçirilmegi, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüş maksatlaryna yzygiderli goldaw bermäge taýýardygyny nobatdaky gezek görkezdi.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri

Meňzeş habarlar

06 Awgust 2025 | 2234 okalan

DIL BILMEK – DÜNÝÄNI ÖWRENMEK

06 Awgust 2025 | 2222 okalan

TEHNOLOGIÝANYŇ GELJEGI NAZARLAÝAN ULGAMLARY

06 Awgust 2025 | 2777 okalan

TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BAŞLANGYÇLARY