Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Ýaşlar forumy öz işini Nesilleriň arasyndaky dialog hem-de mowzuklaýyn bölümçeler bilen dowam etdi.
Ýaşuly we ýaş nesliň arasyndaky dialogda DÇBÖBD-den çykyş eden wekiller ýaşlary çözgütleri kabul etmek işine çekmegiň möhümdigini belläp, hut ýaşlaryň özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny we olaryň başlangyçlarynyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüşine goşant goşup biljekdigini nygtadylar.
Dürli ýurtlara wekilçilik edýän foruma gatnaşyjylar DÇBÖBD üçin Hereketleriň täze maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda öz pikirlerini paýlaşdylar, şeýle hem bilime elýeterliligi üpjün etmek, ekologiýa abadançylygy, durnukly infrastrukturany döretmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Foruma gatnaşyjylar ýaşuly hem-de ýaş nesliň arasyndaky hyzmatdaşlygyň DÇBÖBD-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge we has inklýuziw hem-de durnukly geljegi döretmäge ýardam berjekdigini nygtadylar.
Ýaş nesliň wekilleri ýokary hilli bilime elýeterliligi, ýaşlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegini, ekologiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegini we sanly özgertmeleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, olaryň çözgütleri kabul etmek işine işjeň gatnaşmagynyň, innowasiýalaryň goldanylmagynyň we sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň, DÇBÖBD-de abadançylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtadylar.
Dialogyň dowamynda ýaşuly we ýaş nesliň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bu wezipeleri durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýändigine üns çekildi. Ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýalary babatda ukyp-başarnyklarynyň ýaşuly nesliň paýhasy hem-de tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň öňde goýlan maksatlara ýetmäge itergi berýändigi bellenildi. Şeýle hyzmatdaşlyk innowasiýalary ilerletmäge, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmaga ýardam berýär we serişdeleriň has netijeli dolandyrylmagyny üpjün edýär.
Umumy pikire görä, DÇBÖBD-de ösüşi çaltlandyrmak üçin ýaşlaryň garaýyşlaryny nazara almak bilen bir hatarda, durnukly we inklýuziw ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde ýaşuly hem ýaş nesliň hyzmatdaşlygy esasynda çözgütleri kabul etmek işine ýaşlary giňden çekmek zerurdyr.
“Hukuklary we özgerişlikleriň mümkinçiliklerini giňeltmek — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň orny” atly bölümçede bu meseleler bilen bagly çözgütleri kabul etmek işine ýaşlary giňden çekmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, ýaşlar diňe bir howanyň üýtgemeginiň şaýady bolman, eýsem, oňa garşy netijeli çözgütleri işläp taýýarlamaga hem işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler dürli ýurtlarda ýaşlar guramalary tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilen başlangyçlar barada gürrüň berdiler. Munuň özi foruma gatnaşyjylary bu ugurdaky işi dowam etmäge ruhlandyrdy.
Çykyş edenler howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça amala aşyrylýan çäreleri maliýeleşdirmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, “ýaşyl” başlangyçlara maýa goýumlary çekmekde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Maliýeleşdirmegiň netijeli gurallaryny döretmek babatda dünýä derejesinde degişli işler alnyp barylýar. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, ýaşlaryň taslamalaryna maliýe serişdelerini çekmek, “ýaşyl” başlangyçlary höweslendirmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.
Türkmen tarapyndan çykyş edenler ýurdumyzyň ekologiýa babatda durmuşa geçirýän işleri barada gürrüň berdiler. BMG-niň biodürlülik, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak hakynda Konwensiýalarynyň ýurdumyz tarapyndan tassyklanylmagy Türkmenistanyň ählumumy ekologik meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýändiginiň mysalydyr. Abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki düzümler bilen bilelikde bu ugurda milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalaryňdyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu ugurda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna, dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär.
Mejlise gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak, durnukly ösüş, ählumumy howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly ugurlarda ýaşlaryň hyzmatdaşlyk etmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Durmuş-ykdysady döwlet maksatnamalary bilen ýakyn arabaglanyşygy bolan tebigaty goramaga degişli milli strategiýalara syn berildi.
Howanyň üýtgemeginiň hem-de durnukly ösüşiň özara baglanyşygy ara alnyp maslahatlaşylan wajyp meseleleriň biri boldy. Şunda durmuş-ykdysady meýilnamalaşdyrmagyň ähli ulgamlaryna howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň girizilmeginiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle hem durnukly ösüşi üpjün etmek üçin howanyň üýtgemegi babatda töwekgelçilikleri hasaba almagyň we ekologiýa taýdan arassa ösüş nusgalaryna geçmegiň möhümdigi bellenildi.
Çykyş edenler howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde ýaşlaryň hem tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň möhümdigini bellediler. Bu ugurda dialogyň pugtalandyrylmagy we tejribe alşylmagy umumy meseleleri bilelikde çözmäge ýardam berer.
“Ösüşi höweslendirmek — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ykdysadyýet üçin sanly ösüş ulgamynda ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky innowasiýalar” atly mowzuklaýyn bölümçe pikir alyşmak hem-de durnukly geljegi döretmäge gönükdirilen bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança boldy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda innowasion çemeleşmeleriň we tehnologiýalaryň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Foruma gatnaşyjylar bilime elýeterliligi giňeltmek hem-de ýaşlara tejribe we pikir alyşmaga ýardam berip biljek ulgamlary döretmek üçin sanly platformalary ulanmagy teklip etdiler.
Şeýle hem foruma gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde sanly ösüşiň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýaş wekiller öz ýurtlarynda alnyp barylýan, sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen taslamalar we başlangyçlar bilen tanyşdyrdylar. Ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlaryň pikirlerini goldap, olaryň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler. Olar innowasiýalar üçin amatly gurşawy hem-de ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin sebit platformalaryny döretmegiň möhümdigini bellediler. Munuň özi sanly özgertmeleri çaltlandyrmaga ýardam berer.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak işinde halkara guramalaryň orny bellenildi. Çykyş edenler ýaşlaryň başlangyçlaryny maliýeleşdirmek bilen birlikde, durnukly ösüş üçin şertleri döretmegiň, şol sanda bilim maksatnamalaryna we tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmegiň möhümdigini nygtadylar. Olar ýaşlary ösüp barýan döwletlerdäki meseleleri çözmäge gönükdirilen strategiýalary işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga höweslendirdiler.
Mejlise gatnaşyjylar durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny hem-de ýaşlaryň sanly ösüş bilen baglanyşykly ähli işleriň merkezinde bolmalydygyny bellediler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraply taýýarlykly hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Şunda ýaşlaryň başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşlaryň döwlet durmuşyna işjeň gatnaşmagy we mümkinçiliklerini doly açmagy üçin döredilýän şertler barada aýdyldy. Häzirki döwürde türkmen ýaşlary dürli ugurlar boýunça bilim almak hem-de zähmet endiklerini ösdürmek üçin zerur mümkinçiliklere eýe bolýarlar. Olar bilimlerini täzeçil ösüşe, ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine, senagat düzümleriniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine gönükdirýärler. Bu bolsa, öz gezeginde, ykdysadyýetiň durnukly ösmegini şertlendirmek bilen bir hatarda, täzeçil çemeleşmeleriň we tejribeleriň dürli pudaklara işjeň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Şeýlelikde, şu gezekki forum ýaşlar bilen dünýä döwletleriniň we halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlyk üçin platformany döretmekde möhüm ädim boldy hem-de ýaşlaryň pikirleriniňdir başlangyçlarynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşi üpjün etmäge möhüm goşant boljakdygyny görkezdi.
turkmenistan.gov.tm
05.08.2025