AWAZADA BMG-NIŇ DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATY MYNASYBETLI DABARA GEÇIRILDI

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylary hem-de agzalary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň resmi adamlary gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyz sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge jogapkärli çemeleşmek bilen, häzirki döwrüň wajyp meselelerini netijeli çözmek boýunça halkara bileleşigiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna uly goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu abraýly gurama bilen yzygiderli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýurdumyzda geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Dabaranyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşyjy ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlaryny mübärekledi we olar bilen bilelikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň resmi banneriniň öňünde ýadygärlik surata düşdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de belent mertebeli myhmanlar dabaranyň geçirilýän ýerine bardylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, biz şu gün gojaman Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda taryhy wakanyň şaýady bolýarys. Çünki bu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşýän onlarça döwletleriň döwlet we hökümet Baştutanlary, resmi wekilleri ýurdumyzda jemlendiler. Bu dabaramyza gatnaşýan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny, wekiliýet Baştutanlaryny, Siziň ähliňizi bereketli türkmen topragynda hoş gördük diýip aýtdy hem-de hemmeleri güneşli we myhmansöýer Türkmenistanda tüýs ýürekden mübärekläp, şu günki maslahatyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Gahryman Arkadagymyz bu belent şygaryň astynda tutuş halkara gatnaşyklar ulgamynda amala aşyrylýan bilelikdäki tagallalaryň, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrundaky giň gerimli çäreleriň hökman özüniň oňyn netijesini berjekdigine ynam bildirdi.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler geografik taýdan ýerleşişi sebäpli, ulag, söwda, ykdysady ösüş babatda aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Olar dünýäniň dürli yklymlarynda ýerleşmek bilen, söwda-ykdysady, senagat, maliýe we maýa goýum, ýokary tehnologiýalar hem-de ylym-bilim babatynda geljegi uly işleri amala aşyrýarlar. Şol bir wagtda-da, biziň ýurtlarymyz we halklarymyz baý medeni mirasa eýe bolup, halkara gatnaşyklaryň, sebit we dünýä syýasatynyň ynsanperwerlik mazmunyny has-da berkitmäge ukyplydyrlar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we üçünji gezek geçirilýän bu ýokary derejedäki halkara forumyň dowamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalaryň boljakdygyna hem-de oňyn teklipleriň öňe sürüljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan rus dilinde dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz hemmeleri Türkmenistanyň halkynyň adyndan mähirli mübärekledi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylaryň şeýle giň wekilçilikli düzümine Türkmenistana goýulýan hormatyň, ynamyň hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki eýeleýän ornuna, hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy ýola goýmakda edýän tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň nyşany hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz foruma gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen topragynda gadyrly myhman, dünýäde parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýokary maksatlarynyň daşynda jebisleşen Türkmenistanyň hyzmatdaşlary hökmünde kabul edilýändigini belläp, hemmelere: “Türkmenistana hoş geldiňiz!” diýdi.

Bellenilişi ýaly, şu gezekki maslahatyň geçirilmegi kanunalaýyk we çuňňur esaslandyrylandyr. Bu maslahat biziň ýurtlarymyz tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan we ösüp barýan döwletleriň dünýä proseslerindäki ornuny ýokarlandyrmaga, olaryň meselelerine hem-de kanuny bähbitlerine ünsi çekmäge, häzirki zaman dünýä gurluşynda mynasyp ornuny üpjün etmäge gönükdirilen uly we çynlakaý işiň bir bölegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz munuň ösüp barýan dünýäniň ep-esli bölegini emele getirýän şu maslahata gatnaşyjy ýurtlara hem degişlidigini aýdyp, deňze çykalganyň bolmazlygy bilen baglanyşykly mesele boýunça hyzmatdaşlygyň täze netijeli we anyk çemeleşmelerini hem-de mehanizmlerini işläp taýýarlamagyň wagtynyň gelendigine berk ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, şu foruma taýýarlyk görmäge we guramaga beren goldawlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişe, BMG-niň ugurdaş düzümleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny beýan etdi.

Biziň pikirimizçe, bütindünýä guramasynyň ýolbaşçylarynyň bu ugurda eýeleýän orny nusgalykdyr. Munuň özi Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligiň jogapkärli agzasy hökmünde alyp barýan netijeli işiniň ykrar edilýändigini görkezýär. Biziň daşary syýasatdaky ileri tutýan ugurlarymyz berk we üýtgewsizdir, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk bolsa şolaryň esasysy we kesgitleýjisi bolup durýar. Bu strategik garaýşyň çuňňur sebäpleri bar. Türkmenistanyň uzak möhletleýin maksatlarynyň BMG-niň ählumumy Gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça wezipeleri bilen gabat gelmegi bu sebäpleriň esasyny düzýär. Has takygy, Türkmenistan dünýä giňişligindäki ähli hereketlerini, başlangyçlaryny hem-de tekliplerini BMG-niň alyp barýan işine, onuň esas goýujy çözgütlerine, maksatnamalaýyn wezipelerine laýyk getirýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Biziň üçin BMG köpugurly ygtyýarlyklary bolan halkara guramadyr. Biz Milletler Bileleşigine häzirki zaman dünýä gurluşynyň esasy sütüni, dünýä giňişliginde parahatçylygyň we durnuklylygyň, halkara howpsuzlygyň kepili hökmünde garaýarys. Biz häzirki täze geosyýasy ýagdaýlarda BMG-niň Tertipnamasynyň ýokary ynsanperwer taglymlarynyň hem-de ýörelgeleriniň halkara tertibiň hukuk we ahlak daýanjy bolmagynda galmalydygyna berk ynanýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, bu maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitarap Türkmenistanda geçirilmeginiň aýratyn mana eýe bolýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-ä, onuň ägirt uly döredijilik kuwwatyna ynanýar. Gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. Munuň özi uzak möhletleýin milli maksatlara we ähli dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelýändigini subut etdi we bu gün sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm netijeli şerti bolup çykyş edýär.

Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegine 30 ýyl bolýandygyny, döwletimiziň bu hukuk ýagdaýynyň şu ýyl döredilmeginiň 80 ýyllygy bellenilýän Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilendigini aýtdy we ýurdumyzyň bitaraplygynyň köp babatda tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň işiniň netijesidigini nygtady.

Biz bu hukuk ýagdaýyna hut şu nukdaýnazardan seredýäris we bitaraplygymyzy, onuň mümkinçiliklerini hem-de gurallaryny dünýäniň ähli halklarynyň hem-de döwletleriniň bähbidine ulanýarys. Biz Türkmenistanyň Bitaraplygyny özara düşünişmek köprülerini gurmak üçin şertleri, esasy ählumumy meseleler boýunça köptaraplaýyn dialog, ykdysady, ekologiýa, syýasy, durmuş, ynsanperwer ulgamlarda jogapkärçilikli hyzmatdaşlyk üçin platformany döretmäge gönükdirmegi maksat edinýäris. Şu gezekki maslahat we onuň çäklerindäki dostluk, hyzmatdaşlyk, birek-birege hormat goýmak ýagdaýy şeýle çemeleşmäniň aýdyň mysalydyr.

Biziň kalbymyz we maksatlarymyz dünýä üçin açykdyr. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy mazmunydyr. Türkmen halkynyň asylly häsiýetleri, beýleki halklara goýýan sylag-hormaty, ýardam bermäge, raýdaşlyk bildirmäge hemişe taýýardygy biziň halkara giňişlikde alyp barýan işimizde öz beýanyny tapýar. Munuň özi ýöne bir tejribe bolman, eýsem, Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň filosofiýasydyr. Elbetde, şeýle syýasaty durmuşa geçirmek bilen, biz öz taryhymyza, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza esaslanýarys. Türkmenler gadymy, baý we özboluşly medeniýeti hem-de dünýägaraýşy bolan halkdyr. Şol bir wagtyň özünde, biz adamzat ösüşine saldamly goşant goşmaga çalyşýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we häzirki wagtda Türkmenistanyň öz mümkinçiliklerini we toplan tejribesini özara hormat goýmak esasyndaky syýasy-diplomatik dialogy dikeltmek, halkara hukugy, BMG-niň eýeleýän ornuny we abraýyny pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny hem-de BMG-niň bu giň möçberli maksatnamasynyň esasy böleklerini — ulag arabaglanyşygyny, energetika, suw, azyk howpsuzlygyny, saglygy goraýşyň, lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek, ynsanperwerlik meselelerini çözmek ýaly ugurlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ileri tutulýan ulgamlarda işjeň ulanýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hyzmatdaşlykda özara ylalaşylan çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagy ugrunda çykyş edýär. Dürli döwletleriň, halkara düzümleriň ykdysady we syýasy mümkinçilikleriniň jemine esaslanýan uzak möhletleýin strategik maksatlar, bu mümkinçilikleriň ählumumy durmuş-ykdysady ösüşiň we abadançylygyň bähbidine jogapkärçilikli ulanylmagy şol çemeleşmeleriň esasyny düzmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu gezekki maslahatyň maksatlarynyň örän giňdigini we ählumumy ähmiýete eýedigini, bu maksatlaryň syýasy, ykdysady, söwda, medeni, ylmy hyzmatdaşlyga halkara derejede itergi bermäge we baýlaşdyrmaga gönükdirilendigini belläp, foruma gatnaşyjy ýurtlaryň bu gatnaşyklarda möhüm orun eýelemelidiklerini, hyzmatdaşlygyň başga formatlarda hem ulanyp boljak we ulanylmaly nusgalaryny ýola goýmalydyklaryny hem-de umumy abadançylygyň we tutuş adamzadyň geljeginiň bähbidine işlemelidiklerini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz parlament hyzmatdaşlygynyň, zenanlaryň, ýaşlaryň, çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň, sport hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň abraýly halkara düzümler bilen bilelikde ençeme ýyllaryň dowamynda bu ugurlarda guran çäreleriniň dünýäde möhüm wakalar bolandygyny we şoňa görä-de, maslahatyň çäklerinde dürli mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek pikiriniň goldanylýandygyny nygtady. Şolaryň hatarynda Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy, raýat jemgyýetiniň we hususy pudagyň forumlary, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy, şeýle hem parlament we ýaşlar forumlary bar. Häzirki wagtda parahatçylygy hem-de durnuklylygy gorap saklamak we pugtalandyrmak, halklaryň, ähli sagdyn we netijeli güýçleriň gatnaşyk etmäge, özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyga ymtylmalaryny goldamak üçin diplomatiýanyň, şol sanda halk diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini ulanmak möhümdir diýip, Milli Liderimiz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň we onuň netijeleriniň mundan beýläk-de bilelikde netijeli işlemek üçin berk binýady döretmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz bu maslahatyň oňa gatnaşyjylaryň — onlarça ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, iň abraýly halkara guramalaryň hem-de institutlaryň ýolbaşçylarynyň erkini, jebisligini hem-de netijeli dialogy yzygiderli geçirmäge we hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny görkezmäge gönükdirilendigini nygtap, foruma gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemegi we özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, umumy döredijilikli maksatlary gazanmakda rowaçlyklary arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe söz berdi.

Baş sekretar dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, ilki bilen, şu maslahaty üstünlikli geçirmek babatda edilen tagallalar üçin Türkmenistana çuňňur hoşallygyny bildirdi.

Hut Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň tagallalary bilen bu maslahaty geçirmek mümkinçiligi boldy diýip, Antoniu Guterriş aýtdy we Kongresler merkeziniň döwrebaplygyna, oňa gönükdirilen maýa goýumlara haýran galandygyny belledi.

Antoniu Guterriş BMG-de dürli wezipelerde 20 ýyla golaý Türkmenistanyň Hökümeti bilen işleşendigini we guramanyň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary hökmünde ýurdumyza amala aşyran ilkinji saparynda Türkmenistanyň Hökümetiniň raýatsyzlyk bilen baglanyşykly meseläni netijeli çözendigini belledi hem-de munuň üçin Türkmenistana ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygyny bildirdi.

BMG-niň Baş sekretary şu gezekki maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy waka boljakdygyny nygtap, hemmelere üstünlikli işlemegi arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyşy üçin BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bitarap döwlet we halkara jemgyýetçiligiň jogapkärli agzasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini belledi.

Ýurdumyz BMG-niň durnukly ösüş, parahatçylyk we howpsuzlyk, şeýle hem ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamlaryndaky esasy başlangyçlaryny işjeň goldamak bilen, köptaraplaýyn diplomatiýa we ählumumy durnuklylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň täze başlangyçlary mundan beýläk-de goldamaga we dünýä ýurtlarynyň bähbidine bilelikdäki tagallalary giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, Antoniu Guterrişe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýanga söz berdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýang dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň halkyna hoşallygyny beýan etdi.

Men dünýäniň dürli künjeklerinden gelen wekilleriň mähirli kabul edilendigine ýokary baha berýärin. Türkmenistanyň baý medeniýeti we taryhy bilen tanyşmak meniň üçin uly mertebedir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda möhüm orun eýeläp, sebitde we dünýäde parahatçylyga hem-de durnukly ösüşe goşant goşmagyny dowam edýär diýip, Filemon Ýang aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň köptaraplaýyn we öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm goşandy hökmünde “Dialog — parahatçylygyň kepili” başlangyjyna ýokary baha berdi.

Filemon Ýang bu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýandygyny aýdyp, bu ýurtlaryň durnukly ösüşini çaltlandyrmak boýunça toplumlaýyn meýilnama hökmünde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýetini belledi hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz Filemon Ýanga minnetdarlyk bildirip, bu çykyşyň halkara raýdaşlygyň we durnukly ösüşiň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklaýandygyny aýtdy.

Soňra Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, wekiliýet Baştutanlaryna, Birleşen Milletler Guramasyna we ähli gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geografik taýdan ýerleşişine garamazdan, durnukly ösüş ugrunda uly tagalla edýändiklerini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkärli agzasy hökmünde, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň özara baglanyşygyny pugtalandyrmak boýunça BMG-niň alyp barýan işini mundan beýläk-de goldamagyny dowam etjekdigini we guramanyň ägirt uly döredijilik kuwwatyna özüniň saldamly goşandyny goşjakdygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Milletler Bileleşigine agza döwletleriň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bilelikdäki tagallalarynyň gazanylan netijeleri pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine we ösüşiň hil taýdan täze derejelerine çykmak üçin mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz adamzadyň ösüş taryhy hoşmeýilli, erkli adamlaryň ähli kynçylyklary ýeňip geçip, diňe bir öz durmuşyny gaýtadan dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, ozalkydan has gowy durmuşda ýaşamaga çalşandyklaryny tassyklaýar diýdi we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki halkara hyzmatdaşlygyň häzirki we ozalky tejribesiniň umumy meseleleri çözmek üçin bilelikde hyzmatdaşlygyň has netijeli formatlaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini belledi. Munuň özi bize, ilkinji nobatda, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň esasyndaky dialog platformasyny giňeltmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar, bu bolsa mundan beýläk-de öňe gitmek üçin itergi berer diýip, Milli Liderimiz aýtdy we öňde boljak ýokary derejeli halkara forumyň — Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny çözmek üçin bilelikde netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýene-de bir mümkinçilik boljakdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýene bir gezek minnetdarlygyny beýan edip, bilelikdäki tagallalar bilen dünýäde ynanyşmagyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi hem-de hemmelere berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

turkmenistan.gov.tm

05.08.2025

Meňzeş habarlar