TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BAŞLANGYÇLARY

Merdana halkymyz asyrlaryň dowamynda erkinligiň, asuda durmuşyň, bagtyýar ýaşaýşyň arzuwynda bolan halkdyr. Ata-babalarymyz erkinligiň, asuda we parahat durmuşyň gadyr-gymmatyny bilmegi nesillere wesýet edipdir. Bu wesýetlere uýup kemala gelen nesillerimiz bütin dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagy, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy, dürli halklaryň ylalaşykly, arkalaşykly ýaşamagy üçin hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna öz durmuşlarynda uly orun beripdirler.

Şu günki gün, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara tagallalaryny birleşdirip, dünýäde ýüze çykýan kynçylyklara we howplara garşy göreşmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, parahatçylygyň ýola goýulmagyny gazanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly we dünýä ähmiýetli başga-da birnäçe möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu babatda diňe bir bar bolan tejribelere daýanman, eýsem-de täze ussullary, gurallary öňe sürýär.

Türkmenistany ynamdar hyzmatdaş hökmünde ykrar edýän dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli başlangyçlaryny giňden goldaýar. Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagy, abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi islendik ýüze çykýan meseleleriň diplomatik gurallar, gepleşikleri geçirmek arkaly çözülmegine ýardam edýär.

Amanbagt KÖMEKOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

06 Awgust 2025 | 2228 okalan

DIL BILMEK – DÜNÝÄNI ÖWRENMEK

06 Awgust 2025 | 2213 okalan

TEHNOLOGIÝANYŇ GELJEGI NAZARLAÝAN ULGAMLARY

06 Awgust 2025 | 2769 okalan

TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BAŞLANGYÇLARY