Türkmen topragynyň dürli künjeginde ösüp ýetişýän miweler hem-de dermanlyk ösümlikleri adam bedenine täsirliligi bilen tapawutlanýandyr. Şeýle hem, ýurdumyzda alma, erik, nar, hurma ýaly köpýyllyk miwe berýän agaçlar ýokary derejede ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle miweli agaçlaryň biri hem armytdyr. Ol özünde witaminleriň we elementleriň dürli görnüşlerini saklaýandygy bilen beýleki miwe berýän agaçlardan tapawutlanýar.
Armyt agajynyň ömri gaty uzyn bolup, 50-75 ýyla çenli ýaşaýar. Bu agaç ekileninden 4-7 ýyl soňra miwe bermäge başlaýar we 8-10 ýaşynda 25-50 kg golaý miwe berýär.
Armydyň adam saglygyna hem oňat peýdasy bardyr. Ol organizmde iýmitiň siňmegini tizlendirýär, antioksidan häsiýetli, immuniteti güýçlendirýär, ýüregi kuwwatlandyrýar. Armyt A, B, C, K, B2, B3, B6, witaminlerine baýdyr.
Şahnoza GAPPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.