AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän Awazada geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçirilen üçünji maslahaty baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüşine goşant goşmak bilen birlikde bütin dünýä üçin hem halkara hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny açdy. Ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Awazada geçirilen bu halkara forum jahan içre uly seslenme döretdi.

Ýurt Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen durnukly ulag infrastrukturasynyň döredilmegi we ulag mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, transmilli ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi baradaky bu forum deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň dünýä ykdysady ulgam bilen baglanyşygyny ýola goýmagy maksat edindi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy diňe syýahatçylyk zolagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem bütin dünýä dostluk gapylaryny açyp, täze menzillere itergi berýär. Bir jümle bilen bu deňzi “Dostluk we parahatçylyk deňzi” diýmeklik has aýdyň subutnama bolup biler.

Awaza ykdysady, medeni we diplomatik gatnaşyklary ösdürmegiň täze binýady, halkara forumlaryň we maslahatlaryň geçirilýän merkezi hökmünde çykyş edýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçirilen bu halkara maslahat dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine uly goşant boldy.

Zilola JOBAROWA,

Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň

Kerkiçi şäherçesiniň ýaşaýjysy.

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 801 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 219 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL