SPORT BÄSLEŞIGI

Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň sport bilen meşgullanmaklary, şeýle-de ýaş nesillerimiziň asuda durmuşda abadan ýaşamaklary hem-de rahat dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Şonuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Ýaşlar biziň röwşen geljegimizdir» atly şygar bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Gyzykly geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda dynç alýan çagalar özleri üçin okamaga, öwrenmäge, wagtlaryny hoş geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

Gültäç ALYHANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

 guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 14 okalan

OKUW-USULY MASLAHAT

14 Awgust 2025 | 59 okalan

SPORT BÄSLEŞIGI

14 Awgust 2025 | 42 okalan

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ SAÝRAK BILBILLERI