HER BIR SÖZÜŇ EDEP MAŇA

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň we etrap Bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň “Magtymguly Pyragy” muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gezelenç duşuşygy geçirildi.

Gezelenç duşuşygynyň dowamynda ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary muzeýiň dürli zallaryna aýlanyp gördüler. Olar akyldar şahyryň ýaşap, önüp-ösen ýerleri barada dürli gyzykly maglumatlary öwrenip, Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew temada döreden goşgularyna aýratyn uly orun berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň türkmen medeniýetini we taryhyny içgin öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Bägül BOÝALYÝEWA,

Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

23 Iýun 2025 | 1 okalan

GYZYKLY GEÇEN SPORT BÄSLEŞIKLERI

23 Iýun 2025 | 1 okalan

KITAP — KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY

23 Iýun 2025 | 1 okalan

HER BIR SÖZÜŇ EDEP MAŇA