Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda welaýat kitaphanasynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alyp, ýaş nesilleri kitaphanalara işjeň çekmek, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen «Kitap — ruhy hazyna» ady bilen gezelenç çäresi geçirildi.
Gezelençde ýaşlar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanşyp, bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda gürrüň edip, bu babatda gyzykly sorag-jogap alyşdylar.
Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini ak ýüreklerinden arzuw etdiler.
Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.