Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny gyzykly geçirmek maksady bilen sportuň kiçi futbol, şaşka, düzzüm ugurlary boýunça bäsleşikler geçirildi.
Gyzykly hem-de çekeleşikli geçen ýaryşyň dowamynda çagalar öz aralarynda erjellik bilen bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşikde has tapawutlanan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapynda ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.