Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän sagdyn durmuş, bedenterbiýe we sport ýörelgeleri ata Watanymyzda jemgyýeti jebisleşdirmäge we ählitaraplaýyn kämil ýaşlary kemala getirmäge ýakyndan ýardam berýän gymmatlyklar hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan, ýaşlary giňişleýin sporta çekmek-de häzirki wagtda etrabymyzyň çäginde sport çäreleri giň gerime eýe bolýar.
Ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda sportuň grek-rim görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Etrabyň sport mekdebinde geçirilen özara ýaryş «Sport bilen ýaşlar öňe barýar» diýlip atlandyrylyp, oňa ady agzalan sport mekdebinde tälim alýan okuwçylar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň başynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmenleri joşgunly çykyş edip, olar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda sport ulgamynyň uly ösüşlere eýe bolýandygy we ruhy hem-de beden taýdan sagdyn ýaşlary kemala getirmek ýurdumyzyň öňde goýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny uly buýsanç bilen bellediler we bäsleşige gatnaşýan ýaşlara şowlulyk arzuw etdiler.
Geçirilen ýaryş gyzykly hem-de çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Bäsleşigiň jemi boýunça öňe saýlanan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Munuň özi, sporta höwesli ýaşlaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi ugrunda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Şeýle-de bäsleşige gatnaşyjylaryň her biri sagdyn durmuş ýörelgesiniň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Mukam SALAROW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň başlygy.