ÝAŞ TÜRKMENISTANLYLAR KÜŞT BOÝUNÇA HALKARA ÝARYŞYŇ UMUMY MEDAL HASABYNDA BIRINJI ORNY EÝELEDILER

2025-nji ýylyň iýun aýynyň 18-i. Şu gün paýtagtymyzda üç gün dowam eden küşt boýunça halkara ýaryş tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, bu akyl-paýhas bäsleşigine Ýewropanyň, Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-sy gatnaşdy. Şu gün Arkadag şäherindäki “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanynda halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Dabaranyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýaryşyň jemleri jemlenip, onuň ýeňijilerine medallaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ýaryşa gatnaşan küştçüleriň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenende, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş zehinli oglan-gyzlar aýratyn tapawutlanmagy başardylar.

Sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid görnüşi boýunça umumy medal hasabyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistana wekilçilik eden ýaş küştçüler 3 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç, jemi 10 medal gazanyp, birinji orna mynasyp boldular. Şeýle-de ikinji orna 2 altyn, 2 kümüş, jemi 4 medal bilen Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 1 altyn, 1 bürünç, jemi 2 medal bilen Gazagystan Respublikasynyň türgenleri mynasyp boldular.

Şunda 8 ýaşly gyzjagazlaryň arasynda 8 utuk toplan özbegistanly Zarina Larina altyn, Türkmenistandan 7 utuk toplan Bägül Jumaýewa kümüş, Gazagystandan 6 utuk toplan Amira Alemanowa bürünç medal gazanmagy başardylar. 10 ýaşly gyzlaryň arasynda Türkmenistandan Läle Wepaýewa 8 utuk bilen altyn, Özbegistandan Zarina Nematjonowa 7 utuk bilen kümüş, Türkmenistandan Dünýä Ruslanowa 6,5 utuk bilen bürünç medala mynasyp boldular. 12 ýaşly gyzlaryň arasynda bolsa hemme baýrakly orunlar türkmen küştçüleriniň hasabyna ýazyldy. Hususan-da, 8 utuk toplan Dilber Hupbyýewa altyn, 7 utuk toplan Aýa Baýramowa kümüş, 6 utuk toplan Nurana Söýünowa bürünç medal gazandylar.

8 ýaşly oglanjyklaryň arasynda Türkmenistandan Çaryhekim Çaryýew 8 utuk toplap, altyn medalyň, Özbegistan Respublikasyndan Saýfutdin Erkinboýew 7,5 utuk toplap, kümüş medalyň, Täjigistan Respublikasyndan Murodali Saifiew 6 utuk toplap, bürünç medalyň eýeleri boldular.

10 ýaşly oglanlaryň arasynda baýrakly orunlar şeýle paýlaşyldy: Özbegistandan 8,5 utuk toplan Abdurahmon Rajabow altyn medal, şonça utuk bilen Türkmenistandan Maksat Awlüýäkulyýew kümüş medal, Eýrandan 6 utuk toplan Asgar Katir Saniar bürünç medal. 12 ýaşly oglanlaryň arasynda bolsa 8 utuk toplap, Gazagystan Respublikasyndan Nurassyl Primbetow altyn medal, Türkmenistandan Alyhan Batyrow hem-de Osman Hamrakulyýew, degişlilikde, 7,5 we 6 utuklary toplap, kümüş hem-de bürünç medallary gazandylar.

Halkara küşt ýaryşynyň blitz görnüşinde-de Türkmenistanyň küştçüleri birinji orny eýelediler. Ýaryşyň bu görnüşinde ýaş küştçülerimiz umumy medal hasabynda 4 altyn, 2 kümüş, 3 bürünç — jemi 9 medal gazanyp, bu oýunda zehin taýdan tapawutlanýandyklaryny subut etdiler. Blitz ýaryşynda ikinji orna 2 altyn we 1 kümüş gazanan Özbegistan Respublikasynyň, üçünji orna 3 kümüş we 2 bürünç medal gazanan Gazagystan Respublikasynyň küştçüleri mynasyp boldular.

Küşt ýaryşynyň blitz görnüşinde 8 ýaşly gyzjagazlaryň arasynda 7,5 utuk toplan türkmenistanly Anna Çaryýewa altyn, 7 utuk toplan özbegistanly Zarina Larina kümüş, 6,5 utuk toplan türkmenistanly Laçyn Isaýewa bürünç medal gazandylar. 10 ýaşly gyzlaryň arasynda bolsa hemme baýrakly orunlary Türkmenistanyň küştçüleri öz adyna ýazdyrmagy başardylar. Hususan-da, Dünýä Ruslanowa altyn, Läle Wepaýewa kümüş, Jumasoltan Muhammetberdiýewa bürünç medallary eýelediler. 12 ýaşly gyzlaryň arasynda Türkmenistandan Aýa Baýramowa altyn, Gazagystandan Alina Kairbekowa kümüş, Gyrgyzystandan Adelina Ramisowa bürünç medal gazanmagy başardylar.

8 ýaşly oglanlaryň arasynda birinji we ikinji orunlary, degişlilikde, ýaş türkmen küştçüleri Çaryhekim Çaryýew hem-de Isa Garlyýew paýlaşdy. Bürünç medala bolsa gazagystanly türgen Altair Omurzakow mynasyp boldy. 10 ýaşly oglanlaryň arasynda baýrakly orunlar şeýle paýlaşyldy: Özbegistandan Abdurahmon Rajabow altyn, Gazagystandan Alrami Mukaşew kümüş, Türkmenistandan Myrat Merdanow bürünç medal. 12 ýaşly oglanlaryň arasynda bolsa altyn medala Özbegistandan Islombek Husanow mynasyp boldy. Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, gazagystanly ýaş küştçüler Nurassyl Primbetow hem-de Nuras Amangeldy paýlaşdy.

Şeýlelikde, sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda rapid we blitz görnüşi boýunça umumy medal hasabynda Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç — jemi 19 medal gazanyp, birinji orny eýeledi. Ikinji orna 4 altyn, 3 kümüş medal gazanan Özbegistan Respublikasynyň ýaş küştçüleri mynasyp boldular. 1 altyn, 3 kümüş, 3 bürünç medal gazanmagy başaran Gazagystan Respublikasynyň türgenleri bolsa üçünji orundan paýly boldular.

Baýrakly orunlary eýelän zehinli küştçülere olaryň mynasyp bolan medallary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Daşary ýurtly myhmanlar Aşgabatda geçirilen ýaryşyň ýokary derejesini hem-de ony geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri uly guwanç bilen aýratyn nygtadylar.

Günüň ikinji ýarymynda ýaryşa gatnaşyjylar Arkadag şäherine gelip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň öňünde surata düşdüler. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär.

Soňra dabara gatnaşyjylar — Arkadag şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halkara ýaryşa gatnaşyjylar, Arkadag şäheriniň mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri dabaranyň geçirilýän ýeri bolan “Märkaw” myhmanhanasynyň toý mekanyna geldiler.

Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Aşgabat şäherinde küşt boýunça halkara ýaryşyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, bu bäsleşigiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginiň uly ähmiýetini bellediler hem-de küşt sportunyň ösdürilmegine berýän ägirt uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we ýokary netijeli sport hereketini ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamanyň kabul edilmegi sport ulgamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydyr. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi-de muny doly tassyklaýar. Bularyň ählisi Bitarap Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň artmagyny, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen toplumlaýyn başlangyçlaryň ilerledilmegini, Olimpiýa hereketiniň ählumumy ynsanperwerlik we parahatçylyk döredijilik wezipeleriniň goldanylmagyny şertlendirýär.

Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportunyň hil taýdan täze derejä çykmagyna goşant goşdy. Hut şu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi milli sportuň taryhynda täze sahypany açdy. Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi Türkmenistanyň ýokary derejeli ýaryşlary guramak üçin ähli şertleri bolan ýurtlaryň hatarynda orun alandygyny alamatlandyrdy. Milli we dünýä sportunyň ýyl ýazgysyna ajaýyp sahypa bolup giren «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da artmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Paýtagtymyzda geçirilen iri sport ýaryşlarynyň hatarynda tennis boýunça 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligini, Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny, GDA-nyň we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda guralan hokkeý boýunça halkara ýaryşy, Ýewropa, Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy görkezmek bolar.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Garaşsyz Türkmenistanda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň röwşen geljegi, eşretli durmuşy, döwrebap bilim-ylym almagy, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi ugrunda uly işleriň amala aşyrylýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygy, ýaş nesiller barada aladanyň döwletiň we jemgyýetiň hemişelik üns merkezinde saklanýandygy nygtaldy. Häzirki dabara bolsa Milli Liderimiziň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütin dünýäniň ýaş nesilleri baradaky çäksiz aladasyndan nyşandyr. Çykyş edenler Aşgabatda geçirilen küşt boýunça halkara ýaryşyň sport diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň oňyn netijeler bilen begendirýändiginiň güwäsine öwrülendigini aýtdylar hem-de ýaryşa gatnaşyjylary bu sport çäresiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutladylar.

Soňra sportuň küşt görnüşi boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan ýaryşa gatnaşan zehinli küştçüler sowgat berlen noutbuk kompýuterlerini hoşallyk bilen kabul etdiler. Sowgatlar ýaryşa gatnaşan çagalaryň ýany bilen Aşgabada gelen olaryň ata-enelerine, tälimçilerine, lukmanlaryna, ýagny her ýurda wekilçilik eden toparyň ähli agzalaryna hem gowşuryldy.

Soňra ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýaşajyk artistler öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp etdiler. Şeýle hem daşary ýurtlaryň çagalyga degişli dünýä belli aýdym-saz eserleri ýerine ýetirildi. Konsertde ýerine ýetirilen küştdepdi tansy hemmeleriň şatlygyny has-da artdyrdy. Konsertiň ahyrynda ýaňlanan “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly aýdym dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Onda berkarar Watanymyzyň bitaraplyk ýörelgeleriniň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýeti wasp edildi.

Şeýlelikde, küşt boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlandy. Myhmanlar konsert maksatnamasynyň göwünleri joşduryp, ýakymly pursatlary döredendigini bellediler. Olar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

turkmenistan.gov.tm