ÝAŞLARYŇ ÝÜREGI JOŞANDA

Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljegi nazarlaýan oňyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýaşlar babatda amala aşyrylýan özgertmeler, edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen basleşikde maňa-da ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Ýaş alym atly hormatly adyň eýesi bolmak bagty maňa mundan beýläk-de ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşmaga hyjuwlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp çekýän zähmetimize berlen şeýle uly baha üçin biz ýaşlaryň buýsanjymyzyň çägi ýok. Şeýle bagtyýar pursatda türkmen oba hojalygynda ösdürmekde geljekde ökde hünärmen hökmünde özüme bildirilen uly ynamy ödäp, geljekde ýurdumyzyň köptaraplaýyn oba hojalygynyn ösüşine uly goşant goşmakda yhlasymy gaýgyrmajakdygyma ynandyrasym gelýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär eýesi bolmagy, zähmet çekmegi, zehinlerini açyp görkezmekleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Mähri HOJAMUHAMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Turkmen oba hojalyk

uniwersitetinin Oba hojalygynda buhgalter hasaby we

audit kafedrasynyn mugallymy, Türkmenistanda ylmy işler

boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 4 okalan

ÝAŞLARYŇ ÝÜREGI JOŞANDA

16 Iýun 2025 | 5 okalan

MAKSATLAR – MYRADYNA ÝETENDE

16 Iýun 2025 | 7 okalan

SOWALY KÄN – SYRLY DÜNÝÄ