Meýletinçilik hereketi halkymyzyň gadymdan gelýän raýdaşlyk we ynsanperwerlik däpleriniň dowamydyr. Bu däbiň ýaşlar tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini, meýletinçilik hereketiniň ýurdumyz boýunça barha ýaýbaňlanýandygynda duýmak bolýar. Häzirki wagtda meýletinçilik diňe bir jemgyýetçilik başlangyjy hökmünde däl-de, eýsem ýaşlaryň şahsy ösüşine, tälim-terbiýesine we jemgyýete bolan jogapkärçilik duýgusynyň kemala gelmegine hyzmat edýän ähmiýetli hereket hökmünde hem kabul edilýär. Meýletinçilik işine gatnaşýan her bir ýaş raýat jemgyýetiň ösüşine öz goşandyny goşmak bilen bir hatarda, täze tejribe toplamak, adamlar bilen aragatnaşyk gurmak, guramaçylyk başarnyklaryny kämilleşdirmek ýaly mümkinçiliklere eýe bolýar. Şonuň üçin hem bu hereket bütin dünýäde barha ýaýbaňlanýar. Bu ugurda birnäçe işler, taslamalar durmuşa geçirilip, halkara derejeli duşuşyklar yzygider guralýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň hem-de Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň wekilleri bilen BMG-niň GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk boýunça hünärmeni Nuraý Mamytowanyň, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hünärmeni Maksat Keşiýewiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň maksady halkara derejede meýletinçilik işi babatda alnyp barylýan işleriň we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Duşuşygyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2026-njy ýylyň “Halkara meýletinçiler ýyly” diýlip yglan edilmegi nukdaýnazaryndan, häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, meýletinçilik hereketiniň bolsa jemgyýetde ynsanperwerligi, raýdaşlygy we raýat jogapkärçiligini ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi dogrusynda bellenildi.
Öz gezeginde BMG-niň wekili Nuraý Mamytowa meýletinçiligi ösdürmek boýunça dünýä ýurtlarynda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Ol türkmen ýaşlarynyň jemgyýetçilik işjeňliginiň ýokarydygyny belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň has-da giňeldilmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde meýletinçilik çäreleriniň, jemgyýetçilik taslamalarynyň, ekologik we sosial ähmiýetli başlangyçlaryň giňden ýaýramagy ugrunda ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Ata HOJAMBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň halkara hyzmatdaşlygy
boýunça esasy hünärmeni.