Her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Ýaşulularyň halkara güni pähim-paýhasly ýaşuly nesle bolan belent hormaty dabaralandyrýar. Uludan toýlanýan baýramçylyk türkmen gojalarynyň döwletimiziň özygtyýarlylygyny berkitmek, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmak, milli däp-dessurlary ösdürmek, ilhalar perzentleri kemala getirmek babatda Watan öňünde bitirýän işlerine goýulýan sylag-sarpanyň çäksizdigini alamatlandyrýar. Türkmençilikde il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň geňeşçisi bolan ýaşuly nesil döwletimiz tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalýar. Halkymyzyň ýaşuly sarpasy babatda döreden nakyllary biziň günlerimizde aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýaşuly nesil biziň jemgyýetimizde, onuň aýrylmaz bölegi bolan maşgalada agzybirligiň nyşany hasaplanylýar. Hut şonuň üçinem halkyň dilinde: «Haýsy öýde agzybirlik höküm sürýän bolsa, ogul – atany, gyz – enäni sarpalaýan bolsa, şol öýüň ulusyna-kiçisine görelde mekdebi bolup bilýän ýaşulusy bardyr. Haýsy obanyň adamlary biri-birini sylap, hormatlap, şatlygyny-gaýgysyny paýlaşyp bilýän bolsa, şol obanyň kethudalary diýseň sylagly adamlardyr» diýen ýaly sözler aýdylýar. Paýhas-parasady bilen tutuş ile görelde bolýan ýaşulularymyz bu günki gün ýaşlaryň arasynda edep-terbiýe meselesini wagyz etmekde, olaryň ata-babalarymyzyň ýörelgelerine wepaly, ygrarly, watansöýüji bolup ýetişmeklerinde iňňän uly orun eýeleýärler.
Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Her bir işde ýaşululara – atalarymyzdyr enelerimize sala salýan, pederlerimiziň baý durmuş tejribesini, çuňňur mazmunly öwüt-ündewlerini goldanýan ýaşlarymyz bu gün durmuş-ykdysady, medeni-sport, jemgyýetçilik-syýasy we ynsanperwer-döredijilik ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri bilen ýurdumyzyň at-abraýynyň has-da ýokarlanmagyna goşant goşýarlar. Beýik taryhymyzdan we baý medeniýetimizden gözbaş alyp gaýdýan ýaşulularymyzyň göreldesi nesiller üçin ebedi ýörelgedir» diýip, belleýär.
Türkmen halky hemişe ula hormat goýýar. Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdan bu edim-gylym, sylag-sarpa halkymyzyň ruhy gymmatlyklara öwrülen ýörelgelerine çäksiz sarpa goýýandygyny aýdyň görkezýär. Elbetde, bu ýörelge bu günki günlerde nesillere hem ýetirilýär. Munuň özi müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan taryhyň, medeni mirasyň, köpasyrlyk sungatyň, asylly
däp-dessurlaryň, milli ýörelgeleriň mundan beýläk-de dowamat-dowam boljakdygyny aňladýar.
Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň pendine eýerip, ýaşuly sarpasyny belende göterýär. Ýurdumyzda her bir tutumly işiň başy ýaşulularyň doga-dilegleri bilen başlanýar. Döwlet derejesinde geçirilýän toý-baýramlarda, şanly senelerde, aýdym-sazly konsertlerde öň hatarlarda oturan ak sakgally gojalara, ak gyňaçly enelere gözüň düşende, kalbyň aram tapýar.
Ýeri gelende bellesek, şanly Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda paýtagtymyzda üstünlikli geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň ähli sebitlerinden ýaşuly nesliň uly toparynyň gatnaşmagy, il-ýurt bähbitli geňeş edilmegi döwletli ýörelgelerimiziň dabaralanýandygyny äleme äşgär etdi. Şol taryhy günde hormatly Prezidentimiziň degişli Permany bilen, ýaşuly nesilleriň birnäçesine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan hormatly enelerimize sylaglar gowşuryldy.
Ýaşuly nesilleri sylamak, belent adamkärçilikden nyşandyr. Häzirki wagtda ýaşulularyň baý durmuş tejribesi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli däp-dessurlary berjaý etmekde, agzybirligi, asudalygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» atly kitabynda: «Ýaşulular her bir işde bize pähimdar maslahatçy. Ulynyň sözüne sarpa goýmak, onuň pikirini diňlemek biziň milli terbiýämizde has güýçli hem bolsa ahmal» diýip, örän jaýdar nygtap belleýär.
Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri parasatly ýaşulularymyzyň göwnüni galkyndyrýar. Ýaşuly nesle şeýle belent sarpa goýýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň
bölüm müdiri.
«Bereketli toprak» gazeti
01.10.2025 ý.