Şu günler Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde döredijilik we jemgyýetçilik işgärleriniň Babadaýhan etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çägindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky muzeýe gezelenji hem-de etrap medeniýet merkezine döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa etrabymyzyň ýaşlary uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar.
Berdimuhamet Annaýew adyndaky muzeýe gezelenç ýakymly täsirleri döretdi. Muzeý gymmatlyklara we maglumatlara baýdyr. Bu obada ýaşan we zähmet çeken, ählitaraplaýyn kämil, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesli terbiýeläp ýetişdirmekde uly işleri bitiren Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň zähmet we durmuş ýoluna degişli gymmatlyklar muzeýiň özboluşly bezegi bolup durýar. Bu ýere syýahat edenler şol gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşdylar.
Uly täsirlere beslenen gezelençden soňra, etrabyň medeniýet merkezinde geçirilen döredijilik duşuşygynda çykyşlara giň orun berildi. Duşuşygy medeniýet we sungat ussatlary, tans toparlary joşgunly aýdym-sazlary, halk döredijilik çykyşlary bilen baý öwüşgin çaýdylar.
Duşuşyga gatnaşanlar berkarar Watanymyzy toý-baýramlaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegine arzuw edip, päk ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.
Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap Geňeşiniň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.