Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji oktýabrynda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde Gahryman Arkadagymyza «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümleriniň, şol sanda çaga iýmitleriniň Moskwada geçirilen ýöriteleşdirilen gözden geçirilişde «Ýylyň önümi» atly altyn medala we diploma mynasyp bolandygy baradaky hoş habar aýdyldy. Bu baýrak Türkmenistanda, esasan-da, saglygy goraýyş ulgamynda öndürilýän harytlaryň ekologiýa taýdan arassalygynyň we hiliniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Bu faktor lukmançylyk klasteriň önümleriniň, şol sanda çaga iýmitleriniň we beýleki lukmançylyk serişdeleriň ýokary hilini ýene bir gezek nygtaýar. Şeýle hem bu Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan intellektual eýeçilik we saglygy goraýyş babatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli işlerini görkezýär.
Milli saglygy goraýşy berkitmegiň esasy ugry «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekdir. Bu Maksatnamasynyň çäklerinde soňky ýyllarda maddy-tehniki binýat ep-esli berkidildi, innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyryldy. Onuň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny gowulandyrmakda uly ösüş gazanyldy. 2025-nji ýylda Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy dabaraly bellenilip geçdiler.
Golaýda bolsa, ýagny 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni belleniler. Şonuň mynasybetli, täze lukmançylyk desgalarynyň açylyşlaryny hem öz içine alýan giň gerimli çäreler meýilleşdirildi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depginini, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa täze ugurdaş desgalaryň taslamalarynyň tanyşdyrylandygy hem tassyklaýar. Olaryň arasynda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk we Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, şeýle hem paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabyndaky saglyk öýi bar. Täze merkezler häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralarynyň ulgamyny ep-esli giňelder we ilata halkara ülňüleri derejesinde lukmançylyk hyzmatlaryny etmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda ýaşlaryň häzirki zaman bilimini we lukmançylyk ugry boýunça hünärleri edinmegi üçin ähli şertler döredildi. Täze saglygy goraýyş desgalarynda zähmet çekjek lukmanlaryň ýokary hünär derejesiniň bolmagy bu ugurda möhüm bölek bolup durýandyr. Şonuň üçin dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda onlaýn okuw sapaklaryny guramak we hünärmenleriň arasynda şahsy duşuşyklary geçirmek türkmen lukmanlarynyň hünär taýdan kemala gelmeginiň hökmany düzgünidir.
Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem ilatyň saglygyny goramak syýasatynyň esasyny goýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň bu ulgamda ýokary netijeleri gazanandygyny tassyklamak bolar. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň gurluş taýdan ösdürilmegi boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär.
turkmenistan.gov.tm