XXI asyr — sanly ösüşiň, ýokary tehnologiýalaryň, çalt maglumat alyş-çalyşynyň hem-de intellektual ykdysadyýetiň asyry. Häzirki zaman jemgyýetinde sanly tehnologiýalaryň orny yzygiderli artýar. Şonuň netijesinde dünýäniň ähli ýurtlarynda ykdysadyýet sanlylaşma ýoluna düşdi. Türkmenistan hem bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.
Sanly ykdysadyýet — bu düşünje giň manyda döwlet dolandyryş ulgamynyň, bank işleriniň, bilim, saglygy goraýyş, senagat we oba hojalygynyň sanly ulgamlaryň esasynda ösdürilmegini öz içine alýar.
Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama esasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, elektron hyzmatlaryň giňeldilmegi we ýaşlaryň sanly sowatlylygynyň ýokarlandyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Sanly ykdysadyýet diňe döwletiň ösüşine däl, eýsem jemgyýetdäki her bir adamyň durmuşyna-da täsir edýär. Meselem, elektron söwda arkaly adamlaryň öýden çykmazdan haryt satyn almagy mümkin bolýar, onlaýn bilim çeşmeleri bilen islendik ýaşdaky adam öz bilimini ösdürip bilýär, sanly bank hyzmatlary arkaly nagt däl hasaplaşyklar giňden ulanylýar. Bularyň ählisi halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, wagt tygşytlamaga we ykdysady işjeňligiň artmagyna ýol açýar.
Maksat BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.