Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýet berilmegini teklip etdi. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
— Daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýet berilmegini teklip edýäris. Bu resminamanyň syýasy, hukuk we dünýägaraýyş esaslary şu formata gatnaşyjylaryň geljekki ösüş hem-de ählumumy prosesler babatda konseptual çemeleşmelerine, garaýyşlaryna laýyk gelýär diýip pikir edýärin. Hususan-da, gürrüň dünýä gatnaşyklarynda ösüp barýan ýurtlaryň eýeleýän orny, öňüni alyş diplomatiýasynyň, Bitaraplyk ýörelgeleriniň, beýleki parahatçylyk döredijilik we gepleşik meýdançalarynyň ulanylmagy barada barýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki ýubileý sessiýasynyň dowamynda biziň formatymyzyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmegi, onuň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýäris. Bu işi Aziýa toparyndaky hyzmatdaşlar bilen başlamak we soňra geňeşmelere gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýarys. Bu teklibimizi goldasaňyz, minnetdar bolardyk — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nygtady.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammiti 17-nji iýunda Astanada geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, HHR-iň Başlygy Si Szinpin we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar. Şeýle formatdaky birinji sammit 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirilipdi.
turkmenportal
18.06.2025