ARZUWLAN ZAMANAŇ GELDI, PYRAGY!

     Golaýda şeýle şygar bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Mary welaýat kitaphanasynda maslahat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen çärä TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hünärmenleri, Ilkinji Ýaşlar guramalaryň işjeň agzalary we kitaphana ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynda täsirli çykyşlara giň orun berildi.

     Çykyşlarda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi türkmen halkymyzyň ýüreginde ata Watanymyzyň şöhratly geçmişine we buýsançly şu gününe guwanç duýgularyny döredýändigi dogrusynda aýratyn nygtaldy. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döreden kämil eserleriniň berkarar Watanymyzda her bir türkmen halkynyň, ylaýta-da, bagşylarymyzyň diliniň senasy bolup ýaňlanýandygy, şahyryň ýazan goşgularynyň nesil terbiýesine ýetirýän täsiri dogrusyndaky gürrüň bolsa çykyşlaryň özenini düzdi.

     Çäräniň dowamynda söz mülküniň zergäri Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşadýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Annagözel SARYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 247 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 503 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK