Şatlyk-şowhuna beslenip dowam edýän towus paslynyň ajaýyp günlerinde dynç alyş merkezleri bilen bir hatarda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän bagtyýar çagalaryň arasynda hem birnäçe gyzykly bäsleşikler, gezelençler, aýdym-sazly çäreler gurnalýar. Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan nurana körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 3-nji çagalar bakja-bagynda körpeleriň arasynda «Sungatym bar, sarpam bar» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, ady agzalan çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileridir, körpeleri gatnaşdylar.
Uly täsire beslenip geçirilen dabaranyň başynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda körpe nesliň geljekde ata Watanymyza, il-günümize gerekli we kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Soňra döredijiligiň dürli görnüşleri boýunça körpeleriň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlaryna tomaşa edildi. Bu bolsa, çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Çärä işjeň gatnaşan bagtyýar körpelere TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Azat MUHIÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.