TÜRKMENISTAN - BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

     Sapaly tomus paslynyň şu günlerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhuna beslenen tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, çagalar baglarynda bagtyýar çagalar wagtlaryny hoş geçirýärler.

     Golaýda TMÝG-niň  Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramagynda Sakarçäge etrabynyň 16-njy çagalar bakja-bagynda çeper höwesjeňleriň ýerine ýetirmeginde "Türkmenistan - bagtyýar çagalygyň mekany" ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda höwesjeň çagalar şadyýan aýdymdyr sazlary, goşgulary ýerine ýetirdiler. Çäräniň bütin dowamynda ýerine ýetirilen çykyşlarda bagtyýarlyk alamatlaryny duýmak boldy. Hususan-da, bagtyýar körpeleriň ýerine ýetiren "Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy" atly şygry tomaşaçylarda uly täsir döretdi. Magtymguly Pyragynyň "Türkmeniň" goşgusyna döredilip, dabarada körpe nesliň wekilleri tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym hem örän täsirli boldy.

     Şowhunly häsiýete eýe bolan çärede çagalaryň ýerine ýetiren "Jüýjelerim" tansy çäre gatnaşanlaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşylandy. Dabaraly çärede körpeje çagalar türkmen halk ertekisi bolan"Tilki bilen towşan" ertekisini janlandyrdylar. Bu ertekiniň janlandyrylmagy çagalarda ugurtapyjylyk, bilesigelijilik, ýagşylyga söýgi ýaly endikleri kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Erteki gahrymanlarynyň üsti bilen ündelýän pikirler terbiýeçilik ähmiýetli bolup, olaryň her biri çaga dünýäsinde uly täsirleri galdyrdy. Şeýle-de çäräniň dowamynda Berkarar döwletimizi, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berildi. Bir söz bilen aýdylanda, bu çäre bagtyýar nesliň begenjiniň we buýsanjynyň dabaralanmasy bolup ýaňlandy.

     Körpejeleriň ýüzünde uçganaklaýan şatlyk alamatlary olaryň bu dabaraly çäreden ruhy lezzet alandygyny alamatlandyrdy. Çäräniň ahyrynda işjeň çykyş eden körpelere TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Sähra UMMALYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 247 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 503 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK