ÇAGA - ÖMRÜŇ DOWAMY

     Şadyýan tomus paslynyň şu günlerinde çagalar tomusky dynç alyş möwsümini wagtyhoşlukda, bagtyýarlykda geçirýärler. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň çagalygyň gyzykly günlerini has-da göwnühoşlukda geçirmegini gazanmak maksady bilen olaryň arasynda dürli bäsleşikler, çäreler yzygiderli geçirilýär.

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de Sakarçäge etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň bilelikde gurnamagynda şol çagalar bakja-bagynda «Çaga - ömrüň dowamy» atly gurjak oýnuň görkeziliş çäresi geçirildi.

     Gurjak oýnunyň dowamynda türkmen halk ertekileri janlandyrylyp, olaryň dowamynda beýan edilýän wakalar gyzykly häsiýete eýe boldy. Edep-terbiýe öwrediji, çagalary mähirlilige, ýagşylyga ündeýän gyzykly sahnalar bagtyýar körpeler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Erteki gahrymanlarynyň ýerine ýetiren gahrymançylykly hereketleri körpe nesliň wekillerinde uly täsirleri galdyrdy. Bu günki sahna oýunlarynyň täsirleri çagalaryň ýagty ýüzlerini has-da begençli duýgulara besledi. Çünki bu oýunlaryň üsti bilen körpejelere sadalyk, mylaýymlyk, hoşgylawlyk, güler ýüzlülik ýaly edep kadalary ýönekeýje sözleriň, pursatlaryň, degişmedir henekleriň üsti bilen öwredildi. Bu bolsa çagalaryň geljekki durmuş ýolunda gerek boljak gylyk-häsiýetleriniň kemala gelmeginiň möhüm şertidir.

     Gyzykly geçen oýunlaryň her bir pursadynda çagalaryň diýseň uly bilesigelijiligine şaýat bolan terbiýeçiler olaryň beren soraglaryny giňişleýin jogaplaryň üsti bilen kanagatlandyrdylar. Şeýle sahnalar çagalaryň dünýäsine täsin başdan geçirmeleri bagyş etmek bilen olaryň pikirleniş örüsiniň has-da giňemegine, akyl ýetiriş ukyplarynyň çuňlaşmagyna uly şertleri döredýär. Özüniň çagalyk sowallaryna jogap alan körpeler geljekde özleriniň ýagşy gylyk-häsiýetli bolup ýetişmegini  hyýallary arkaly göz öňünde janlandyrmaga mümkinçilik aldylar. Munuň özi körpeleriň geljekde sazlaşykly ösen, sagdyn pikirli, edep-terbiýeli, jogapkärçiligi duýýan, Watana wepaly nesiller bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.

     Dabaraly geçen çäräniň ahyrynda bagtyýar körpeler we terbiýeçiler ýurdumyzda çagalaryň ajaýyp geljegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Gülüstan NURYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 247 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 503 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK