KALPLARA SIŇEN GYMMATLYKLAR

     Golaýda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda gezelenç çäresi geçirildi. «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň  2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen guralan gezelenje TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri we Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

     Işjeň häsiýete eýe bolan gezelenjiň barşynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň medeni mirasyny, taryhy ýadygärliklerini öwrenmek we olary ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek babatynda alnyp barylýan işler, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri, milli däp-dessurlary barada giňişleýin gürrüň berdiler.

     Soňra bagtyýar ýaşlar türkmen halkynyň baý taryhyna degişli bolan maddy we medeni gymmatlyklaryny janlandyrýan bölümine, arheologiýa, etnografiýa bölümlerine gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda gelin-gyzlarymyzyň döreden türkmen halylarynyň dürli görnüşleri ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu bolsa, çärä gatnaşyjylaryň milli sungatymyza bolan söýgüsini has-da artdyrdy.

         Şeýle hem täsirli guralan gezelenç çäresine gatnaşanlaryň her biri türkmen halkynyň milli mirasyny giňden öwrenmekde we ony ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

 

Akjeren ANNADURDYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 247 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 503 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK