Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda ýurdumyzda ýaş nesliň kitap okamagy üçin giň şertleriň döredilmegi, olary kitaphanalara işjeň çekmek babatda taýsyz tagallalar edilýär. Durmuşa geçirilýän şeýle bimöçber aladalardan ugur alyp, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi tarapyndan geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.
Şu nukdaýnazardan, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 2-nji çagalar bagynda «Kitap bilen açalyň biz dünýäni» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şol çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň birnäçesi gatnaşdy.
Duşuşykda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 18-nji bendine laýyklykda, ýaşlary kitaphanalara çekmekde, olarda kitaba bolan çuň höwes döretmekde hem-de ýaşlaryň arasynda kitaphana medeniýetini wagyz etmekde giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda nygtaldy.
Täsirli geçen duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän terbiýeçilik ähmiýetindäki tymsallaryň ýaşlary watançylyk duýgusynda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdigi baradaky çykyşlara aýratyn ähmiýet berildi.
Şeýle hem çärä gatnaşanlaryň her biri ýaşlaryň bagtyýar durmuşda erkana ýaşamagyna, olaryň yhlasly okamagyna, öwrenmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Sülgün ATAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.