Ýakynda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde TKA-nyň Wekilbazar etrap birleşmesi, TDP-niň Wekilbazar etrap komiteti, TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşi, TAP-niň etrap komiteti bilen bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çäresinde Wekilbazar etrap medeniýet öýüniň aýdymçylary we tansçylaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresinde medeniýet we sungat işgärlerine etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Hajar GARRYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.