BILIMLI ÝAŞLAR – GELJEGE GANAT

Hormatly Prezidentimiziň parasatly paýhasyndan badalga alan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen, ýurdumyzda ykdysady ösüşiň öňe gitmeginde bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanyp ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmeklige, olaryň sazlaşykly ösmegine, ýaşlarymyza ýokary hilli bilim berilmegine, ýurdumyzda on iki ýyllyk umumy orta bilim maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlaryň bilim almagy, öz saýlap alan hünäri boýunça kämilleşmegi üçin oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi, watana bolan söýgüsini ösdürmegi, ynsanperwerligi, zähmete bolan söýgini terbiýelemegi ugur edinip, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin ähli şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ösdürmek, olaryň döredijilik işjeňligini kemala getirmek babatda bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikleriniň esasyny düzýär. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy» biz ýaşlaryň öňümizde belent maksatlary goýýar we bu babatda has-da netijeli işleri alyp barmaga borçlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan döwletimiziň hem-de beýleki ýurtlaryň ylym we bilim merkezleriniň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki döwrüň derwaýys talaby bolup durýandygyny nygtaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallasy bilen ýurdumyzda bilim we ylym ulgamy ýylsaýyn kämilleşýär. Hut şonuň netijesinde ýaşlara bilim we hünär öwredilişiniň derejesi hem ýokarlanýar. Halkara bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli taslamalaryň amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňde baryjy ylym-bilim merkezleri bilen netijeli aragatnaşyklary ýola goýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ylma-bilime sarpa goýan halkymyzyň göreldesine eýerýän watansöýüji ýaşlarymyzyň bu gün okuwda oňat okamaga, edep-terbiýe almaga, jemgyýetçilik işlerine, şeýle-de bäsleşiklere işeňňir gatnaşmaga çalyşýandyklaryna buýsanjymyz has-da artýar. Türkmen talyplarynyň bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanmaklary, häzirki wagtda ýurdumyzda hünär taýdan ýokary derejeli ýaş ylmy işgärleriň täze nesliniň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýle döwletli döwrany peşgeş beren, yrylmaz berkarar döwleti guran, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde ylym-bilim almagy, hünär eýesi bolmagy üçin uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli belent başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Jennet GULMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasaynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz

şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar