Bagtyýar döwletimizde ýaşlaryň arasynda sporty ösdürmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagyny gazanmak maksady bilen durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir. Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşlaryň sportda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen ençeme bäsleşiklerdir, ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Bu sportuň futbol görnüşi babatynda hem şeýledir.
Golaýda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň, Sakarçäge etrabynyň Bedenterbiýe we sport bölüminiň 1-nji sport mekdebiniň bilelikde gurnamagynda bu mekdebiň «Galkynyş» topary bilen Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň «Ýaşlyk» toparynyň arasynda sportuň futbol görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi.
Ýaşlarda sporta bolan höwesi artdyrmakda, olaryň sport ussatlyklarynyň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan bu duşuşyk janköýerleriň gyzgyn el çarpyşmalary bilen başlandy. Ýaryş turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe boldy. «Galkynyş» hem-de «Ýaşlyk» toparlarynda tälim alýan türgenler oýnuň dowamynda erjel, dogumly çykyş etmek bilen ýaryşa taýýarlykly gelendiklerini ýene bir ýola görkezdiler. Ençeme ýyllardan bäri futbol toparlaryna gatnap, tälimçilerden sapak alyp, oýnuň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen özleşdirýän ýaş futbolçylar duşuşygyň barşynda birnäçe utuklary gazanmagy başardylar. Bu bolsa, ýaş nesillerde çydamlylyk, tutanýerlilik, dogumlylyk ýaly geljekki durmuş ýolunda gerek bolan gylyk-häsiýetleriniň ýüze çykmagynda derwaýys orny eýeleýär.
Bäsleşikde ýeňiji bolan toparyň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sport çäresiniň ahyrynda türgenler we janköýerler ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Owadan ATDAÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.