Kitap-bu älem syryny özünde jemleýän gymmatly hazynadyr. Durmuşda esasan hem kitap bilen körpeleriň has ýakyn gatnaşykda bolmagy zerur hasaplanylýar. Çünki, kitap körpe nesliň dünýägaraýşyny giňeldýär, olaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrýar.
Hut şu jähetden ýaňy-ýakynda ösüp gelýän ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak, olary kitaphanalara çekmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň Merkezi kitaphanasynda duşuşyk geçirildi. Garagum etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň körpeleriniň gatnaşmaklarynda guralan duşuşyk «Kitap meniň dostum» diýlip atlandyryldy.
Täsirli geçen duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň hünärmenleri we kitaphanaçylar bagtyýar körpelere halk döredijiligiň iň bir gadymy görnüşleriniň biri bolan türkmen halk ertekilerini okap berdiler. «Böwenjik», «Hudaýberdi gorkak», «Akpamyk »ýaly ertekileriň terbiýeçilik ähmiýeti we gahrymançylykly keşpleri, türkmen halk ertekeleriň körpe nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Bu bolsa, körpeleriň wagtlaryny gyzykly hem-de hoş geçirmäge uly mümkinçilik berdi.
Şeýle hem çärä gatnaşanlaryň her biri körpeleriň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Ýazmyrat ANNAGURBANOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.