Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň guramagynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde sportuň küşt we şaşka görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan» ugur alyp, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek we olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen guralan bäsleşige merkezde dynç alýan dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdylar.
Ýaryş başlamazdan öň, TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň hünärmenleri hem-de çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bedenterbiýe mugallymlary çykyş edip, bäsleşige gatnaşýan ruhubelent çagalara şowlulyk arzuw etdiler. Soňra ýaryş gyzykly hem-de çekeleşikli häsiýete eýe boldy.
Uly ruhubelentlikde geçirilen sport bäsleşiginde bagtyýar çagalar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, sportuň küşt we şaşka ugurlary boýunça özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Ýürekleri buýsançdan doly çagalaryň bu üstünligi, olaryň nä derejede kämilleşýändiklerini görkezdi.
Gyzgalaňly ýagdaýda geçen bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan çagalara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Eziz SAPAROW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Baýramaly şäher Geňeşiniň başlygy.