Tomus paslynyň sapaly günlerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ruhubelent çagalaryň şatlyk-şowhuna beslenen pursatlary bagtyýarlykda dowam edýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalaryň arasynda geçirilýän medeni-köpçülik, aýdym-sazly çäreler, sport bäsleşikleri giň gerime eýe bolýar.
Hut şu nukdaýnazardan körpe nesliň wekilleriniň surat çekmeklige bolan höwesini artdyrmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, şeýle-de suratkeşlik ukyplaryny kämilleşdirmek maksady bilen golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi bilen etrabyň 15-nji çagalar bagynyň guramagynda surat çekmäge höwesli körpeleriň arasynda «Güller açýan Diýarym» atly bäsleşik geçirildi.
Surat çekmek boýunça geçirilen bäsleşige TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hünärmenleri, şeýle hem çagalar bagynyň mugallymlary adalatly eminlik etdiler. Bäsleşige gatnaşýan körpeler gül-gülälege beslenen Watanymyzyň ajaýyp keşbiniň suratyny çekmek boýunça özara bäsleşdiler. Watanymyzyň dagy-düzleri, sonarly sähralary, derýadyr deňizleri körpeleriň surat eserlerinde özüniň mynasyp beýanyny tapdy. Çekilen suratlarda reňkleriň sazlaşykly ulanylmagy, olardaky şekilleriň many-mazmun bitewiligi ýaş nesliň wekilleriniň suratkeşlik ukyplarynyň has-da kämilleşýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.
Gyzykly geçen bäsleşikde emin agzalary tarapyndan ýeňiji diýlip yglan edilen we surat çekmek bäsleşigine işjeň gatnaşan körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda gül açýan ýurdumyzyň bagtyýar keşbini surat eserlerinde şekillendiren körpeler we terbiýeçiler Watanymyzda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Çynar HOŞGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.