Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabaraly çäreler, maslahatlardyr, duşuşyklar uly ähmiýete eýe bolýar.
Golaýda Türkmengala etrabynyň merkezi kitaphanasynda geçirilen dabaraly maslahat hem bu şanly senä bagyşlandy.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň, etrabyň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda geçiren çäresi «Magtymguly Pyragy – dünýä danasy» diýlip atlandyryldy. Oňa TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşiniň hünärmenleri, bagtyýar ýaşlar we kitaphana işgärleri gatnaşdy.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasynyň diňe bir ata Watanymyzda däl, eýsem, dünýä derejesinde sarpalanylýandygy, dana şahyrymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan many-mazmunly şygyrlarynyň düýpli öwrenilýändigi dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyşlaryň dowamynda akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň ösüp gelýän ýaş nesliň wekillerini watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy barada buýsançly bellenildi.
Şeýle hem çärä gatnaşanlaryň her biri nusgawy edebiýatymyzy we akyldar şahyrymyzyň döredijiligini düýpli öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Tylla RAHMEDOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.