Tomus paslynyň sapaly günlerinde welaýatymyzda bar bolan «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan ruhubelent çagalar bedenterbiýe we sport bilen içgin gyzyklanyp, olaryň arasynda geçirilýän dürli sport çäreleri we bäsleşikleri giň gerime eýe bolýar.
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň guramagynda geçirilen sport ýaryşy hem örän täsirli boldy. «Sport bilen ýaşalyň!» diýlip atlandyrylan ýaryşyň esasy maksady körpeleriň sport ussatlyklaryny ýüze çykarmakdan hem-de olary köpçülikleýin sporta çekmekden ybarat boldy.
Merkezde dynç alýan çagalar sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça bäsleşdiler. 50 metr aralyga ylgamakda bäsleşen bagtyýar çagalar sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändiklerini nobatdaky gezek subut etdiler. Sportuň bu görnüşi ýaşlarda tutanýerlilik, çalasynlyk we çakganlyk ýaly häsiýetleri kemala getirýändigini görkezdi.
Çekeleşikli we gyzykly geçen ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijilere we tapawutlanan çagalara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Nowruzgeldi MÄLIKOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.