BAGTYÝAR ÇAGALAR WAGTLARYNY HOŞ GEÇIRÝÄRLER

     Häzirki günlerde güneşli Diýarymyzda ruhubelent çagalaryň arzyly tomusky dynç alyş möwsümi ýakymly pursatlara beslenip dowam edýär. Welaýatymyzdaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem bagtyýar çagalara şowhunly pursatlary eçilip, ýatdan çykmajak ýatlamalary bagyş edýär. Merkezde dynç alýan çagalaryň şatlyk-şagalaňy bu ýerde guralýan medeni çäreleriň baý many-mazmuny bilen utgaşyp, göwünleri galkynan ýaş nesilleriň durmuşyna röwşenlik çaýýar.

     Şu nukdaýnazardan, ýakynda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen ýaryş hem örän gyzykly boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Sakarçäge etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryş «Bagtyýar döwrümizi sagdyn nesilleri» diýlip atlandyryldy.

     Merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesliň sporta, bedenterbiýä bolan höwesini artdyrmak maksady bilen stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça geçirilen ýaryş ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilik berdi. Şeýlelik-de, bäsleşige kemsiz taýýarlykly gelen bagtyýar çagalar ýokary netijeleri görkezip, olar sagdyn durmuş ýörelgelere eýerýändiklerini nobatdaky gezek subut etdiler.

     Ýeňiji bolanlara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

     Şeýle hem göwünleri galkynan çagalar berkarar Watanymyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň 
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 247 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 503 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK