BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ WAGTY HOŞ GEÇÝÄR

     Golaýda «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan bagtyýar körpeleriň arasynda türkmen milli oýunlaryny oýnamak boýunça köpçülikleýin sport çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu çäre «Berkarar döwletiň bagtyýar nesli biz» diýlip atlandyrylyp, oňa çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan ruhubelent çagalar gatnaşdylar.

      Çagalar türkmen milli oýunlaryny oýnamakda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Sportuň küşt, şaşka we düzzüm görnüşleri boýunça toparara guralan bäsleşikler bolsa, bagtyýar çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändiklerini nobatdaky gezek subut etdi. Bu çäre ýaş nesillerde tutanýerlilik we çalasynlyk ýaly häsiýetleri kemala getirýändigini aýdyňlygy bilen görkezdi.

     Türkmen milli oýunlaryny oýnamak-da, sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan ýaryşyň netijeleri boýunça ýeňijilere we tapawutlanan çagalara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

     Şeýle-de çärä gatnaşanlaryň her biri ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Serdar BERDIÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Baýramaly şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 247 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 503 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK