Şu günler «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» atly sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümi şadyýanlykda dowam edýär. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sakarçäge etrap Geňeşi hem-de «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda bu merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar çagalary» atly türkmen milli oýunlary, sport, köpçülikleýin medeni çäreler geçirildi. Bu çärä TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hünärmenleri, merkezde dynç alýan çagalar hem-de mugallymlar gatnaşdylar.
Çärä gatnaşan körpeleriň birnäçesi merkeziň kitaphanasynda türkmen halk ertekilerini labyzly okadylar we erteki gahrymanlarynyň özlerini alyp baryşlary, gylyk-häsiýetleri barada özara pikir alyşdylar. Şeýle-de erteki gahrymanlarynyň hereketleriniň özlerinde galdyran täsirlerini birek-birek bilen paýlaşdylar. Çäre gatnaşýan çagalaryň birnäçesi stolda oýnalýan tennis boýunça bäsleşdiler. Işjeň häsiýete eýe bolan bäsleşige gatnaşan çagalar özleriniň sport ussatlyklaryny görkezdiler. Çäreleriň dowamynda türkmen milli oýunlaryna hem giň gerim berlip, çagalaryň arasynda düzzüm, küşt ýaly oýunlar giňden ýaýbaňlandyryldy.
Çäräniň dowamynda bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalar beden maşklary bilen meşgullandylar. Ösüp barýan çagalaryň sagdyn bolup ýetişmeginde şeýle sazlaşykly hereketleriň ähmiýeti örän uludyr. Medeni köpçülik çäresiniň dowamy aýdym-sazly çykyşlara ulaşyp gitdi. Çagalaryň belentden ýaňlanýan aýdymlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, berkarar döwletimiziň waspy belentden ýetirildi.
Gyzykly ýagdaýda geçen bu çärä işjeň gatnaşan çagalara TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Çärä gatnaşanlar Watanymyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Merdan BEKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.