Tomus paslynyň sapaly günlerinde çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe nesilleri watansöýüjilik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar.
Ýaňy-ýakynda şeýle çäreleriň biri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, etrabyň 3-nji çagalar bakja-bagy bilen bilelikde guramagynda hem geçirildi. «Adam bag – zähmet bagban» ady bilen geçirilen bäsleşige ady agzalan bakja-bagyň terbiýeçileri we körpeleri gatnaşdylar.
Bäsleşigiň başynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň işgärleri, terbiýeçi mugallymlar çykyş etdiler. Çykyşlarda ýaş nesillerde ilkinji düşünjeleriň kemala gelmegini ýola goýmak çagalar baglarynda başlanýandygy, şunuň bilen baglylykda körpe nesillerde zähmetsöýerlik endigini kemala getirmekde guralýan bäsleşikleriň, çäreleriň giň gerime eýe bolýandygy barada joşgunly beýan edildi.
Soňra bäsleşige gatnaşýan körpe nesillere şowlulyk arzuw edilip, bäsleşige badalga berildi. Bäsleşikde körpe nesiller oýnawaç bölejikleriň kömegi bilen dürli şekilleri ýasamakda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Körpeleriň arzuw-hyýalyndan emele gelen özboluşly şekiller olaryň ugurtapyjylygynyň, bilesigelijiliginiň hem-de zähmet ukyplarynyň günsaýyn kämilleşýändigini görkezdi.
Gyzykly häsiýetde geçen bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşanlaryň her biri çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň ylym-bilimli bolmaklary ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.
Nagmat HÜMMEDOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Wekilbazar etrap Geňeşiniň başlygy.