Ýaňy-ýakynda ýaşlarda milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza, taryhy we medeni-mirasymyza hormat goýmak, gadymy gymmatlyklarymyzy olara giňişleýin açyp görkezmek maksady bilen, Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleri bilen bilelikde guramagynda gezelenç çäresi geçirildi. «Taryha buýsanç, geçmişe sarpa» ady bilen guralan gezelenç çäresine ady agzalan guramalaryň işgärleri hem-de llkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Gezelenjiň başynda TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň hünärmenleri hem-de muzeý işgärleri çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda medeni-mirasymyzy we taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmek-de, olary wagyz etmek babatda ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň edildi.
Soňra çärä gatnaşanlar muzeýiň etnografiýa we arheologiýa bölümine baryp gördüler. Gezelenjiň dowamynda basma we syrçaly keramikanyň ajaýyp nusgalary, piliň süňkünden ýasalan küşt çöpleri, türkmen halkynyň baý maddy we ruhy medeniýeti barada gürrüň berýän eksponatlar bilen ýaşlaryň içgin tanyş bolmagy guralan çäräniň täsirliligini hem-de özboluşlygyny has-da artdyrdy.
Täsirli guralan gezelenjiň ahyrynda milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.
Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Hojaberdi BABAÝEW,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň esasy hünärmeni.