Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda zähmetsöýer kärendeçilerimiziň, janypkeş daýhanlarymyzyň aladalary bilen ýetişdirilýän bugdaý hasyly türkmeniň «Harman aldym – gala aldym» nakylyna görä, harmana öwrülip, belende galýar. Säher bilen turanyňda, bereketli türkmen saçagynda mele-myssyk çöregiň bolmagy ilimizde şükranalyk saýylýar. Bu sözleri şahyryň «Säher aman ördüm, şükür saçakda, Agşama çen iýmäge-de nanym bar» diýen setirlerinde hem aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jöwzaly tomsunyň bereketli günlerinde hem oba hojalyk işleri utgaşykly alnyp barylýar, ekin meýdanlarynda zähmet barha joşýar. Häzirki günlerde bolsa, welaýatymyzyň ähli ýerlerinde kärendeçiler guş-gursak dänäni zaýasyz we gysga möhletde ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak işi gyzgalaňly alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, zähmetkeş daýhanlarymyzy üstünliklere ruhlandyrmakda, möwsüme gatnaşyjylaryň armasyny ýetirmekde guramamyzyň işgärleri hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olar günortan arakesme döwründe oraga gatnaşýan gallaçy- kärendeçileri Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty, ýurdumyzda bolup geçýän syýasy we medeni täzelikleri bilen tanyşdyrýarlar, olaryň armasyny ýetirmekde medeni-dynç alyş çärelerini yzygiderli geçirýärler.
Şeýle çäreleriň biri ýakynda Garagum etrabynyň Ýagtyýol geňeşliginiň çägindäki meýdan düşelgesinde-de geçirildi. Edermen gallaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen geçirilen aýdym-sazly çäre Garagum etrap häkimligi, etrabyň iri jemgyýetçilik guramalary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat we Garagum etrap Geňeşleri tarapyndan guralyp, ol oba hojalyk möwsüminiň zähmetkeşlerine, daýhanlara we kombaýnçylara ruhy goldaw berdi.
Günortan arakesmesinde guralan aýdym-sazly çärede medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan aýdymdyr tanslary çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Ýerine ýetirilen aýdymlarda ene topragymyz, altynsow bugdaýymyz we ajaýyp döwrümiz wasp edildi. Bu bolsa, iş tejribesi ýetik, öňdebaryjy kärendeçileriň, öz işiniň ussatlary mehanizatorlaryň armasyny ýetirmäge uly mümkinçilik berdi. Çäräniň dowamynda ýurdumyzda bitýän dermanlyk otlardan taýýarlanan melhem çaýlar hem janypkeş gallaçylaryň göwünlerini galkyndyrdy.
«Ekin ene ýeriň bezegidir, ýaraşygydyr» diýýän ussat ýer eýeleri çäräniň dowamynda medeni hyzmatlar üçin hoşallyk bildirip, kärendeçilere bereketli hasyl ýetişdirmek üçin ähli şertleri we ýeňillikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.