Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tomus paslynyň sapaly günlerinde bagtyýar çagalaryň dynç alyş möwsümi ýakymly we ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe nesilleriň arasynda geçirilýän dürli maksatly çäreler hem giň gerime eýe bolýar.
Hut şu nukdaýnazardan, golaýda Mary şäheriniň 18-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, ady agzalan çagalar bakja-bagynyň bilelikde guramagynda «Ata Watan ösüşleriň mekany, ýaňlanyp dur çagalaryň bagtly mukamy» ady bilen şowhunly çäre geçirildi.
Çäräniň barşynda terbiýeçilerdir, mugallymlar dürli ýaşdaky körpelere türkmen halk ertekileri esasynda düzülen gurjak oýunlaryny görkezdiler. Bu ýerde körpe nesiller halk ertekileriň gahrymanlary, olarda görkezilýän gahrymançylykly keşpleri bilen içgin tanyş boldular.
Täsirli guralan sahna oýunlaryň dowamynda «Akpamyk», «Böwenjik», «Ýartygulak» ýaly ertekili kitaplar boýunça «Kim bilmeşek?» atly sorag-jogap hem alşyldy. Bu bolsa, bagtyýar körplerde uly gyzyklanma döredip, olaryň wagtyny gyzykly hem-de hoş geçirmäge uly mümkinçilik berdi. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi çagalaryň durmuşynda täze bir sahypany açýar.
Şeýle-de şadyýanlykda geçirilen çärä gatnaşanlaryň her biri körpe nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Resul BAÝRAMOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň başlygy.