«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ykbalyny bagt nury çoýan halkymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şatlykly senelere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň belent derejelerde bellenilmegi, Medeniýet hepdeliginiň dabaraly ýagdaýda toýlanylmagy, şunuň bilen baglylykda Medeniýet hepdeliginiň dowam edýän günlerinde «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň açylmagy bagtyýar ýaşlaryň ykbalyna ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş eýledi. Hut şu nukdaýnazardan, häzirki günlerde etrabymyzyň çäginde geçirilýän maslahat duşuşyklarydyr, «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler giň gerime eýe bolýar.
Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň, Baýramaly etrap Merkezi kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «Tegelek stoluň» başynda geçirilen söhbetdeşlik duşuşygy bu şanly wakalara bagyşlandy. Täsirli geçen duşuşyk «Ýaşlaryň kalplary alkyşdan doly» diýlip atlandyrylyp, oňa ady agzalan guramalaryň wekilleri, kitaphana ulgamynyň kitaphanaçylary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Tegelek stoluň başyna ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy we medeni-mirasymyzy dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýändigi dogrusynda joşgunly çykyş etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň her biri milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy öwrenmekde we ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýsona GELDIMYRADOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.