Ýaňy-ýakynda Ýolöten etrabynyň Talhatanbaba oba medeniýet öýünde guralan aýdym-sazly döredijilik duşuşygyna bagtdan paýly, sylagdan serpaýly bagtyýar ýaşlara, medeniýet we sungat işgärlerine täsirli duýgulary bagyş eýledi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik duşuşygyň esasy maksady Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi mynasyp garşylamakdan, ony dabaraly ýagdaýda bellemekden ybarat boldy.
«Ata Watanymyzda goşa toý bu gün, sungatyň toýunda joşup dur göwün» ady bilen geçirilen baýramçylyk duşuşygynyň başynda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ruhy baýlygymyz bolan milli medeniýetimizi ösdürmäge, baý medeni-mirasymyzy gorap saklamaga hem-de ony wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň barha rowaçlanýandygy dogrusynda buýsançly söhbet açyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly ýagdaýda goşalanyp bellenilmeginiň, oňa gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň uly ruhubelentlikde toýlanylmagynyň ýurdumyzda milli medeniýetimize berilýän ünsüň çäksiz alamatydygy dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Aýdym-sazly döredijilik duşuşygy etrabyň medeniýet-sungat işgärleriniň ýerine ýetirmegindäki baýramçylyk çykyşlar bilen utgaşdy. Ýerine ýetirilen çykyşlar, oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Uly ruhubelentlige beslenen dabaranyň ahyrynda türkmen halkyny ak daňlara alyp barýan, milli medeniýetimize, sungatymyza çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.