AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI

     Tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýaş nesiller bilen bir hatarda, çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpe nesilleriň arasynda geçirilýän dürli maksatly çäreler giň gerime eýe bolýar.

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly çäre hem diýseň täsirli boldy. Ösüp gelýän ýaş nesilleri döredijilige ugrukdyrmak, olarda watansöýüjilik duýgusyny kemala getirmek maksady bilen guralan çäre etrabyň 2-nji çagalar bakja bagynda geçirilip, ol «Biz bagtyýar körpeler» diýlip atlandyryldy. Bu çärä ady agzalan bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň ençemesi uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

     Aýdym-sazly çäräniň başynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň, etrabyň 2-nji çagalar bakja bagynyň hünärmenleridir, terbiýeçileri çykyş etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ata kesbini dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň geljekde ata Watanymyza, il-günümize gerekli, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber aladalaryň edilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Soňra etrabyň 2-nji çagalar bakja bagynda terbiýelenýän körpeleriň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly şowhunly çykyşlaryna giň orun berildi.

     Ata Watanymyzy, asuda Diýarymyzda gazanylýan beýik ösüşleri, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazyň şowhunly owazy labyzly okalan goşgular bilen sazlaşykly utgaşdy.

     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ýagty geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Güljan ŞABASANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

27 Iýun 2025 | 1137 okalan

MEDENIÝET-SUNGATYŇ TOÝUDYR – BU TOÝ

26 Iýun 2025 | 505 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK